Ýolagçy parom terminaly

   Ýolagçy we ýük terminaly 230 000 inedördül meýdanda ýerleşýär. Terminal ýylda 300 000 ýolagça we 75 000 ulaga hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Terminalyň 256 metr uzynlykda gurnalan duralgasyna bir wagtyň özünde iki sany gämi ýanaşyp biler.

   Terminalyň awtomobiller we ýolagçylar üçin has oňaýly bolmagy üçin bir tarapynda demir ýol wagonlary, beýleki tarapynda bolsa awtoulag duralgalary göz öňünde tutuldy. Awtoulaglar üçin ýörite gözegçilik merkezi ýerleşdirildi.

   Ýolagçylaryň rahat syýahat etmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp gurlan terminalyň binasy 800 ýolagça niýetlenendir. Onuň içinde 20 sany petek satylýan, pasport we gümrük resmileşdiriş nokatlary ýerleşdirildi. Resmileşdiriş nokadynda ýolagçylara tiz hyzmat etmek maksady bilen ornaşdyrylan tilsimatlar we gümrük barlag enjamlary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleridir.

   Ýolagçy we ýük terminalynyň düzüminde 50 orunlyk döwrebap myhmanhana hem bina edildi. Bu myhmanhanada syýahat edýän ýolagçylar we porta gelen gämileriň ekipažy dynç alyp bilerler.

Scroll to Top